25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Muhammedow bellenildi. Şeýle hem M.Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.
S.Toýlyýewiň iş tejribesi göz öňünde tutulyp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki degişli ulgamlara gözegçilik edýän wise-premýer wezipesinde galdyryldy.
M.Mämmedowanyň iş tejribesi göz öňünde tutulyp, medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde galdyryldy.
Ş.Abdrahmanowyň iş tejribesi nazara alnyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.
E.Orazgeldiýewiň iş tejribesi göz öňünde tutulyp, oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň we Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy hökmünde bellenildi.
Ç.Purçekowyň iş tejribesi göz öňünde tutulyp, gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi we onuň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlaryny ýüklenildi.
Ç.Gylyjowyň iş tejribesi nazara alnyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde galdyryldy. Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.
M.Çakyýewiň iş tejribesi göz öňünde tutulyp, ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesine bellenildi. Şeýle hem agentligiň ýolbaşçysynyň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.
R.Meredowyň iş tejribesi göz öňünde tutulyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri wezipelerinde galdyryldy. Şeýle hem onuň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.
Şonuň ýaly-da, R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde döredilen strategik Maslahat beriş Geňeşine ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesine bellenilýär.
Iş tejribesi göz öňünde tutulyp, Ç.Amanow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinde galdyryldy.
Mejlisiň dowamynda degişli Karara gol çekildi. Resminama laýyklykda, wise-premýer Ç.Gylyjow Ahal welaýaty, wise-premýer M.Muhammedow Balkan welaýaty, wise-premýer E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty, wise-premýer Ş.Abdrahmanow Lebap welaýaty, wise-premýer S.Toýlyýew Mary welaýaty, wise-premýer Ç.Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.
Pudaklaryň ýolbaşçylary bir hepdäniň dowamynda hödürlener
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, täze Hökümeti bir aýyň dowamynda düzmek baradaky kanuna laýyklykda, gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir hepdäniň dowamynda hödürlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ähli derejedäki ýolbaşçylardan örän berk talap ediljekdigini duýduryp, her bir ýolbaşçynyň örän netijeli işlemegi, halkymyzyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini doly ulanyp zähmet çekmegi üçin, ýolbaşçylary üns bilen seçip almagyň wajypdygyny nygtady. Olar ähli tagallalaryny ileri tutulýan birnäçe wezipelerde jemlemelidirler.
Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ilkinji nobatda çözmeli bu wezipelerini men Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşymda belläp geçdim diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň öňünde ilatyň girdejilerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherlerde we obalarda talabalaýyk ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretmek tabşyryldy.