25-nji martda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň gelejekde ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitledi. Olaryň arasynda döwletimiziň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine esasy orun berildi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de bütindünýä gün tertibinde duran möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen strategik taýdan ähmiýetli resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

2022-nji ýyla çenli ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 17 sany Kararnamasy kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany toparynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini habar berdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigini nygtady.

Bitarap döwletimiz BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaňy-ýakynda, has takygy, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinden Garaşsyz ýurdumyza buýsandyryjy habarlaryň birbada ikisi gelip gowuşdy. Bu mejlisde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlandy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýurdumyzyň at-abraýyny halkara derejede belende göterýän bu möhüm ähmiýetli wakalar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjy wakadyr.