25-nji martda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz durnukly ösüşi we ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde halkara parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine möhüm orun berilýändigini nygtady.

2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu Assambleýanyň Geňeşiniň dabaraly mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, onuň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu ýubileý mejlise, onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara işjeň gatnaşmak üçin, goňşy we doganlyk ýurda gulluk iş saparyny amala aşyrjakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikler we olaryň netijeleri Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli ýurtlaryň parlamentleriniň wekilleriniň arasynda netijeli iş gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň bu möhüm saparyny ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Buýruga gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna iberdi.