25-nji martda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzy iň ýokary wezipä halkymyz tarapyndan biragyzdan saýlanmagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Arkadagymyz şeýle hem wise-premýerleri jogapkärli wezipelere bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Biz bu döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýakyn 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi.

Geljekde göz öňünde tutulan beýik işleri durmuşa geçirmek, täze eýýamda ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin, bize täze taslamalar, täze pikirler we täze dolandyryş çözgütleri gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu işleriň ýurdumyzyň täze ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenýändigini nygtady. Olar halkyň ynamyny ödemegi başarýan, abraýly ýolbaşçylar bolmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylaryň döwür bilen aýakdaş gitmelidigi, hemişe iň täze önümçilikleriň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň gözleginde bolmalydygy, täze ösüşleri öňe sürmekde ynamly ädim ätmelidigi, munuň üçin bolsa köp işlemelidigi bellenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylaryň her biriniň Milli maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirip, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň bähbidine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynam bildirip, olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara berk jan saglyk, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadyna gidýär

Soňra Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize şahsy haýyşy bilen ýüz tutdy.

Siziň bilşiňiz ýaly, men indi 40 ýyl bäri ýolbaşçy wezipede işleýärin, 25 ýyl bäri syýasat bilen meşgul bolýaryn. Şu döwürde işiň köp bolanlygy bilen bagly men doly derejede dynç alyp bilmedim diýip, Arkadagymyz aýtdy we şoňa görä-de, özüne 1-nji aprelden zähmet rugsadynyň berilmegi baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Şu döwürde men öz täze kitaplarymy tamamlap bilerdim. Şu ýyl göz öňünde tutulan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogyny we beýleki halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin hem gowy taýýarlyk görerdim diýip, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem dynç alyş döwründe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi K.Babaýewiň üstüne ýüklemek baradaky haýyş beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadagymyzy diňläp, bu haýyşyň kanagatlandyryljakdygyny belledi.