Ýamaýkanyň ýolbaşçylary Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II bilen ylalaşyp, kanunçylyga üýtgetme girizmekçi. Ýurduň Premýer-ministri Endrýu Houlness Ýamaýka resmi sapar bilen baran Şa zenanyň agtygy gersog Kembrij William bilen bolan duşuşygynda bu niýetini mälim etdi. Premýer-ministr – “Biz öňe barýarys, garaşsyz, ösen we gülläp ösýän ýurt hökmünde hakyky maksatlarymyzy gysga wagtda durmuşa geçirmegi niýet edinýäris” diýip belledi.

Patyşa maşgalasynyň agzasynyň sapary Ýamaýkanyň Respublika öwrülmegini çaltlaşdyrmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda Karib döwletiniň iň ýokary derejeli döwlet ýolbaşýysy Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II bolup, ýurduň Premýer-ministriniň maslahaty bilen bellenen general gubernator tarapyndan wekilçilik edilýär.