Gymmat bahaly şaý-sepleri öndürýän “Bulgari” atly italýan firmasy iň ýuka mehaniki goşar sagadyny işläp taýýarlady. Galyňlygy bary-ýogy 1,88 mm bolan sagatdan 10 sanysy öndürildi. Sagadyň bahasynyň 440 müň dollardygy mälim edildi. “Octo Finissimo Ultra” atly bu sagadyň gabarasynyň titandan, arka tarapynyň senagat burawlaryny öndürmekde ulanylýan materialdan öndürilipdir. “Bulgari” bu sagady “Octo” seriýasynyň 10-njy ýylynda taýýar etdi. Sagady işläp düzmek üçin üç ýyl sarp edilipdir. Sagadyň galyňlygynyň mundan ozalky rekordyň eýesi bolan “Piaget” firmasynyň “Altiplano Ultimate Concept” atly sagadyndan 0,2 mm ýukadygy habar berildi.
Enejan Amansähedowa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby