Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty golaýlap barýar. Ýagny 94-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileriniň mälim bolmagyna sanlyja sagatlar galdy. Los Anjelesdäki Dolby teatrynda geçiriljek dabara 27-nji martdan 28-nji marta geçilýän gije başlar. Aşgabat wagty bilen 02:00-da gyzyl halydan geçişlik bilen başlanjak çäräniň baýrak gowşurylyş dabarasynyň 04:00-den soň başlanmagyna garaşylýar. Dabara 3 ýyldan soň ilkinji gezek alypbaryjyly ýagdaýda geçiriler we dabarany 3 aktrisa – Rejina Hol, Emi Şumer, Wanda Saýkes alyp bararlar. 23 ugur boýunça ýeňijileriň mälim ediljek dabarasynda Oskar heýkeljiklerini Antoni Hopkins, Samuel L. Jekson, Wudi Harrelson, Lili Jeýms, Zou Krawits, Mila Kunis, Rami Malek, Kewin Kostner, Jeýn Gillenhall,

J.K. Simmons, Kris Rok, Wesli Snaýpes, Bill Mýurreý, Lupito Nýong’o, Uma Turman, Jon Trawolta, Leýdi Gaga, Jennifer Garner ýaly belli artistler gowşurar.

Baş baýrak ugrunda 10 film dalaşgär görkezilip, olaryň arasyndan “Itiň güýji” filmi azda-kände öňe saýlanýar. Jeýn Kampionyň surata düşüren kinosy 12 ugurda dalaşgärlige hödürlendi.

Dabaranyň dowamynda Beýonse, Billi Aýliş, Reba MakEntaýr, Becky G, Sebastian Ýatra ýaly aýdymçylar iň gowy aýdym ugry boýunça dalaşgär görkezilen filmlerdäki aýdymlary ýerine ýetirerler. Şeýle-de, dabarada 8 ugruň ýeňijiler göni ýaýlymda mälim edilmez. Şol 8 ugruň ýeňijileri arakesmelerde, mahabat wagtlarynda Oskarlaryny alarlar.