ABŞ-nyň Wilýam Marş Raýs ylmy-barlag uniwersitetiniň hünärmenleri uglerod galyndylaryndan grafen öndürmäge mümkinçilik berýän usuly oýlap tapdylar. Professor Jeýms M.Turuň ýolbaşçylygyndaky toparyň işläp taýýarlan usuly arkaly düzüminde uglerod bolan iýmit, plastmassa we beýleki galyndylary grafen öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanyp bolýar. Polatdan 100 esse berk bolan bu material soňky ýyllarda has köp ulanylýar. Uglerod atomynyň altyburçluk görnüşli gurluşynyň her birine grafen diýilýär. Häzirki wagtda dürli galyndylar, görnüşlerine görä saýlanyp, dürli materiallaryň çig malyny almak üçin peýdalanylýar. Şeýle hem ýakylmak arkaly ýylylyk we elektrik energiýasy öndürilýär. Hünärmenler galyndylary daşky gurşawa zyýansyz ýagdaýda ýok etmek we ondan has netijeli peýdalanmagyň ýollaryny gözleýärler. Uniwersitetiň oýlap tapan usulynda çig mal elektrik energiýasyndan peýdalanmak arkaly bary-ýogy 10 millisekundyň dowamynda 2727 derejä çenli gyzdyrylýar. Bu ýagdaý uglerod atomlaryndan emele gelen ähli himiki baglanyşyklary bozýar we materialdaky kislorod we azot ýaly beýleki elementleri bugardýar. Material çalt sowadylanda grafen gatlaklary emele gelýär. Önümçilik wagtynda ýylylyk bölünip çykmaýar. Artykmaç energiýanyň hemmesi gaty gysga wagtyň içinde ýagtylyga öwrülýär. Bu usul arkaly alnan grafeni gurluşyk senagatynda ulanmak hem örän amatlydyr. Alnan çig mal semente 0,02 göterim mukdarynda garylsa, betonyň berkligi 35 göterim ýokarlanýar.
Howanyň we topragyň hapalanmagynyň öňüni almaga soňky ýyllarda global derejede ähmiýet berilýär. Howanyň hapalanmagy adam tarapyndan döredilen önümçilik we ulag hereketleriniň netijesinde ýüze çykýar. Täze oýlanyp tapylan usul arkaly gurluşyk pudagynda sementiň ulanylyşyny görnetin azaltmak bolar. Bu usulyň elýeterli we täjirçilik maksady bilen ulanmaga amatlydygy bellenilýär.