Soňky ýyllarda üç ölçegli ýaly bolup görünýän mahabatlar peýda bolup başlady. Köpçüligiň görjek ýerinde ýerleşdirilýän bu mahabatlardaky şekiller hamana janly ýaly bolup görünýär. “Meta” kompaniýasy bolsa, elektron söwda pudagynda iş alyp barýan VNTANA şereketi bilen şertnama gol çekdi. Bu ylalaşyga laýyklykda meşhur jemgyýetçilik torlary bolan “Instagram” we “Facebook” üçin üç ölçegli mahabatlar taýýarlanar. Internet ulanyjylary bolsa mahabat edilýän zady eli bilen tutýan ýaly duýguny başdan geçirerler. Şeýle hem mahabaty edilýän harydyň islendik tarapyndan nähili görünýändigini görüp bilerler. Adatça, üç ölçegli şekilleriň göwrümi uly bolup, has köp ýet tutýar. VNTANA şereketi üç ölçegli şekilleriň maglumat gorunda az ýer tutmagy üçin tehnologiýa döreder.

VNTANA şereketi 3D we hyýaly hakykat tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar.

Ogulnur Niýazmyradowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby