Mongoliýanyň paýtagty Ulan Batoryň meri 2030-njy ýyla çenli 120 million agaç nahalynyň oturdyljakdygyny mälim etdi. Şäheriň meri Dolgorsuren Sumiýabazaryň sözlerine görä, agaç nahallary ýurtda durmuşa geçirilýän “Bir milliard agaç” milli maksatnamasynyň çäklerinde ekiler. Ýurduň çäginde agaç ekmek kampaniýasyna geçen ýyl badalga berlipdi. Bu maksatnama howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we çölleşmä garşy göreşmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. 1 million 564 müň inedördül kilometrden gowrak meýdany bolan Mongoliýanyň 7,9 göterimini tokaýlar emele getirýär.