Awstraliýaly alymlar litiý-ion batareýalaryň has uzak wagt ulanylmagyna mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp taýýarlaýarlar. Kwinslend uniwersitetiniň hünärmenleri “ýaşyl” energiýa geçmek üçin taslamalary durmuşa geçirýärler. Hünärmenleriň oýlap tapan usuly barada “Nature Communications” atly žurnalda makala çap edildi. Bu tehnologiýa atom derejesindäki ýuka gatlak litiý-ion batareýalaryň ulanylyş möhletini iki esseden hem köp artdyrmaga, zarýad alyş mukdaryny bolsa, 500-den 1000-e çykarmaga mümkinçilik berýär. Ýokary okuw mekdebiniň Himiýa inženerçiligi fakultetiniň ylmy işgäri, professor Lianžou Wan bu tehnologiýanyň smartfonlaryň, noutbuklaryň, dürli elektron enjamlaryň we elektroulaglaryň batareýalarynyň ulanyş möhletini artdyrjakdygyny aýdýar. Professor Wang bu tehnologiýanyň näçe zarýad berlende-de, batareýanyň güýjüni gaçyrmaýandygyny aýdýar. Şeýle hem hünärmenleriň oýlap tapan bu usulynda gaplamak üçin ulanylýan nanomateriallar arzan we zyýansyz bolmagy bilen tapawutlanýar.

Şatlyk Rejepow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby