Germaniýada awtobus we ýük ulaglary ýaly uly ulag serişdeleriniň howa ýetirýän zyýanyny azaltmagy maksat edinilýär. Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi ulaglaryň sany artýan hem bolsa, ýük maşynlarynda adaty ýangyçdan peýdalanylýar. Kuwwatly ulaglar üçin bolsa, wodorod ýangyjy has amatly hasaplanýar. Ýurtda wodorod ýangyjyny guýýan beketleriň gurmak bilen meşgullanýan “H2 mobility” kompaniýasy we beýleki şereketler 2030-njy ýyla çenli wodorod beketleriniň sanyny üç esse artdyryp, 300-e ýetirmegi maksat edinýärler. Bu taslamany durmuşa geçirmäge “Air Liquide”, “Daimler Truck”, “Hyundai”, “Linde”, OMV, “Shell” we “TotalEnergies” ýaly kompaniýalar gatnaşýar. “Hy24” gaznasy bolsa infrastrukturanyň döredilmegini maliýeleşdirer. Bu gazna geçen ýyl Fransiýanyň “Air Liquide”, “TotalEnergies”, “Vinci” we “Ardian” kompaniýalary tarapyndan döredilipdi. Täze beketler ýol hereketiniň has köp ýerlerinde gurlar.

Häzirki wagtda Ýewropada iň köp wodorod bekedi Germaniýada bar. Bilermenleriň pikirine görä, elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijiler agyr ýük ulaglaryna oturdyp boljak derejede kuwwatly däl. Şol sebäpli wodorod ýangyjy kuwwatly ulaglar üçin has gowy alternatiwa hasaplanýar. Şeýle hem ýangyjyň bu görnüşini guýmak we bir gezek doldurylandan soňra uzak aralyga gitmek mümkin. Daşky gurşaw üçin hiç hili zyýany bolmadyk wodorod ýangyçly ulaglarda edil adaty ulaglardaky ýaly tüsseçykar bolýar. Emma onuň tüsseçykaryndan gazyň deregine suw bugy çykýar.

Orazgül Annamämmedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.