Ýer togalagynda şäher ýerleriniň çäkleriniň barha giňemegi Ýeriň biodürlüligine belli bir derejede täsirini ýetirip biler. Bu barada ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary mälim etdiler. Alymlaryň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäde şäher çäkleriniň umumy meýdanynyň 1,53 million inedördül kilometre çenli giňemegine garaşylýar.
Dünýäde şäherleriň has-da ösüp-örňemegi, şeksiz, tebigy ýerlere täsirini ýetirýär. Geçirilen barlaglarda haýwanlaryň 855 töweregi görnüşine howp abanýandygy belli boldy. Has uly howp Merkezi Amerikada, Meksikada, Karib basseýninde, Gaitide, Nigeriýada, Kamerunda, Şri-Lankada, Indoneziýada, Malaýziýada, Tailandda, Braziliýada we Ekwadorda ýaşaýan jandarlara abanýar. Ol ýerlerde haýwanlaryňdyr guşlaryň has köp görnüşleri duş gelýär. Emma bu zolaklar hem goralmaga mätäçlik çekýär.
Çaklamalara görä, öňdäki 30 ýylda şäher ilaty 2,5 milliard adam artar. Iň ýokary ösüş baý biodürlülik bolan sebitlerde bolup geçer. Alymlar bu meseläniň çözgüdi hökmünde şähergurluşyk çemeleşmelerini üýtgedip gurmagy maslahat berýärler. Bilermenler «şäher ýerlerinde bio görnüşleri gorap saklamak syýasatyny» işläp düzmäge çagyrýarlar. Tebigaty goramagyň esasy usullaryndan biri, şäher ýerlerinde köp sanly «ýaşyl» ýerleri döretmekdir.