ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäherinde, 1,6 kilometr uzynlykdaky özboluşly ýol guruldy. Sürüjiler bu ýolda öz ulaglaryna berkidilen kabul ediji enjam arkaly elektrik awtoulaglaryna zarýad bererler. Ştatyň ýolbaşçylary 2023-nji ýyla çenli doly ulanylmaga beriljek taslama üçin 1,9 million dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär. Elektroulaglar hereketli ýa-da hereketsiz durandygyna garamazdan, bu ýolda zarýad alarlar. Ýoluň aşagynda gömülen metal rulonlardan elektrik ulagynyň aşagyna berkidilen ýörite kabul edijä induktiw zarýad geçiriler.
– Hereket we elektrikleşdirmek boýunça öňdebaryjy bolmaga, elektroulaglaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga, şeýlelik bilen sarp edijileriň çykdajylaryny azaltmaga synanyşanymyzda, ýolda simsiz zarýad bermek wagt tygşytlamak üçin esasy maksadymyzdyr – diýip Miçigan ştatynyň häkimi Gretçen Witmer aýtdy.
Bilermenler her bir ulaga ýörite kabul edijini berkitmegiň 3-4 müň dollara düşjekdigini çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, taslamanyň awtorlary bahany 1000-1500 dollara çenli düşürmegi maksat edinýärler.