Kosmos giňişliginde hereket edýän “Hubble” teleskopy arkaly häzire çenli anyklanan iň uzakdaky ýyldyzyň üsti açyldy. Ýerden 12,9 milliard ýagtylyk ýyly uzakdaky ýyldyza “ertirki ýyldyz” ýa-da “beýgelýän ýagtylyk” manysyny berýän “Earendel” diýip at dakdylar. Bu ýyldyzyň şöhlesiniň Ýere gelip ýetmegi üçin 12,9 milliard ýyl gerek. Äpet ýyldyzyň massasynyň Günden azyndan 50 esse köpdügi bellenilýär. Baltimordaky Jons Hopkins adyndaky uniwersitetde zähmet çekýän astrofizik Braýan Welş bu açyşyň irki zamanlardaky ýyldyzy jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýändigini belleýär. Mundan ozal “Hubble” Earendelden has uzakdaky ýyldyzlaryň toplumyny anyklapdy. Emma ýekelikde surata düşürilen iň uzak ýyldyzyň Earendeldigi habar berildi. Astronomlar Earendeliň massasy, ýagtylygy, temperaturasy barada entek doly maglumat bilmeýärler. Hatda onuň gapdalynda görünmän kiçiräk ýene bir ýyldyzyň bolup biljekdigi aýdyldy.
Mährijemal Annaýewa,
Türkmen döwlet mäliýe institutynyň talyby.