Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly taryhy wakalara eýe bolýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ol ýere göçüp baran ildeşlerimiziň durmuş, iş şertleri bilen tanyşdy, olar bilen söhbetdeş boldy. «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň barmagy döwletli ojaklara bahar joşgunyny, uly ruhubelentlik getirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda raýatlaryň her birini ýaşaýyş jaýy ýa-da öý bilen üpjün etmek meselesi babatda öňde goýan maksatlary barada jikme-jik aýdandygyny beýan etdi. Şunda geljekde guruljak «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyna aýratyn orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda aýratyn belläp geçen ugurlarynyň biri hem durmuş ulgamy bolup durýar. Bu ulgam barada aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz: «Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez. Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip belledi.
Häzirki wagta çenli durmuş ulgamyna degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi we köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri göz öňünde tutýan kadalar beýan edildi. Şu ýylyň, ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji ýanwaryndan hereket edip başlan, köp çagaly zenanlaryň pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan kanunlaryň kabul edilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň çözgütlerini kabul etmekde halka geňeşmek, maslahat etmek pähim-parasatly ata-babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerimiziň biridir. «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Şeýle taryhy kararlaryň halk bilen maslahatlaşyp, halka sala salnyp kabul edilmegi döwletlilikden, agzybirlikden nyşandyr.
Ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi barha giňeýär. Aşgabatda ak mermerli binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, köçeleriň depginli gurluşyklary hemmeleri haýrana goýýar. Ähli künjekde ýaşaýyş jaýlary gurlup, her ýylda maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlaýarlar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we işgärleriniň ýaşaýyş hem-de gulluk şertlerini gowulandyrmak barada döwletimiziň edýän aladasynyň netijesidir.
Kerkawgeldi BAGABEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.