«Ni­ko­la» kom­pa­ni­ýa­sy elek­trik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýük ulag­la­ry­ny ön­dü­rip baş­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tä­ze ulag­la­ryň ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­lan­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, «Tre BEV» at­ly ulag­lar bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 563 ki­lo­metr ge­çip bil­ýär. Bu tä­ze­lik köp­çü­li­ge ýe­ti­ri­len­den soň­ra kom­pa­ni­ýa­nyň bir­ža­da­ky paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy 4 gö­te­rim gym­mat­la­dy. Ba­ta­re­ýa­sy­nyň güý­ji 753 kW/sa­ga­da ba­ra­bar bo­lan ýük ula­gy­nyň kuw­wa­ty 645 at güý­jün­e deň. Ula­ga çalt­lan­dy­ry­lan gör­nüş­de zar­ýad ber­len­de ba­ta­re­ýa­sy 120 mi­nut­da 10 gö­te­rim­den 80 gö­te­ri­me ýet­ýär. Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji no­bat­da her ýyl­da 300-500 ara­ly­gyn­da ulag ön­dü­rer. 2023-nji ýyl­dan baş­lap bu gör­ke­zi­ji­niň art­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le hem «Ni­ko­la» kom­pa­ni­ýa­sy wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň hem önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki ýük ula­gy­nyň wo­do­rod ýan­gyç­ly gör­nü­şi­ni hem ön­dü­rer. Bu ulag bir ge­zek dol­du­ry­lan­da 800 ki­lo­metr ýol ge­çer. Şeý­le hem 2024-nji ýyl­dan baş­lap bir ge­zek dol­du­ry­lan­da 1450 ki­lo­met­r ge­çip bil­ýän «Two FCEV» at­ly ýe­ne bir nus­ga­sy­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýar.

Gur­ban­my­rat RE­JE­POW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.