Hy­ta­ýyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň alym­la­ry 6 mil­li­on ýyl mun­dan ozal ýa­şap ge­çen ýi­tip giden baý­gu­şuň ga­ty go­wy sak­la­nan ga­lyn­dy­sy­ny tap­dylar. Alym­lar ske­le­tiň göz süňk­le­ri­ni jik­me-jik öw­re­nip, baý­gu­şuň di­ňe gi­je­si­ne däl, eý­sem, gün­di­zi­ne hem he­re­ket­de bo­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu ga­lyn­dy 2100 metr­den gow­rak be­lent­lik­dä­ki ga­ýa­lar­dan ta­pyl­dy. Baý­gu­şuň ske­le­ti­niň köp bö­le­gi­niň saklanyp ga­lan­dy­gy mä­lim edil­ýär. Baý­gu­şuň bu gör­nü­şi­niň sa­ny şol dö­wür­ler köp bo­lup­dyr. Baý­gu­şuň de­mir­ga­zyk gyr­gy baý­gu­şu­na meň­zeş­di­­gi se­bäp­li, «Mio­sur­nia di­ur­na» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.

An­na­beg ŞA­MY­RA­DO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.