Hytaýda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de gibrid görnüşli ulaglaryň önümçiligi artýar. Ýurduň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy akademiýasy tarapyndan neşir edilen hasabata görä, 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda elektroulaglarynyň öndürilişi 160 göterim ýokarlanyp, 820 müňe ýetipdir. Degişli döwürde satylan ulaglaryň sany 150 göterim köpelip, 765 müňe ýetipdir, daşary ýurtlara iberilýän ulaglaryň sany bolsa 381,7 göterim artyp, 105 müňe ýetipdir. Elektroulaglarynyň umumy satuwdaky paýy 17,9 göterim boldy. Hytaýda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýylyň ilkinji 2 aýynda awtoulag eksportynyň 75 göterim ýokarlanandygy habar berildi.
Maksatmuhammet MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.