“Samsung” kompaniýasy “Neo QLED 8K” atly telewizoryny tanyşdyrdy. Ýokary durulygy bilen tapawutlanýan telewizoryň güýmenje, baglanyşyk, iş we beýleki zatlary özünde jemleýändigi aýdyldy. Täze ekran seriýasy “8K Nöral Quantum” mikroprosessory oturdylan telewizor islendik çeşmeden alnan şekili ýokary durulykda berip bilýändigi bilen tapawutlanýar. Şekiliň görnüşini durlamak üçin bir-birinden garaşsyz 20 emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanýar. Telewizorda “hakyky çuňluk artdyryjy” atly täze tehnologiýa oturdylypdyr. Bu tehnologiýa şekiliň öň tarapyndaky hereket edýän bölegi, yz tarapdaky hereketsiz bölekden tapawutly ýagdaýda hili ýokarlandyryp, reňk sazlaşygyny emele getirýär. Bu bolsa hili pes ýazgylary hem ýokary durulykda görmäge mümkinçilik berýär.
Mähri Atabaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby