Ýurdumyzda sport we ulag ulgamyna uly üns berilýär. Häzirki wagtda elektrik hereketlendirijili, ýagny elektrowelosipedler giňden ulanylýarlar. Olaryň tizligi sagatda takmynan, 25 kilometre barabar. Bu welosipedlerde goşmaça güýç hökmünde elektriki herekete getirijiler bolýar. Welosiped sürüji pedallara basanda elektriki herekete getiriji elektriki togy döredýär, bu bolsa adamyň az güýç sarp etmegine kömek edýär. Elektrik hereketlendirijiniň kuwwaty 260 Wattdan geçmeýär.
Adam aýaklary bilen pedallary işletmegi bes edenden ýa-da ýokarda agzalan tizlige çenli bat alandan soňra hereketlendiriji awtomatik ýagdaýda öçlýär. Sagatda 25 kilometr tizlikden ýokary tizlik bilen işleýän welosipedleriň elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty 380-390 Watt we ondan ýokary hem bolýar. Bu hereketlendirijiler pedala bagly bolmazdan hem işleýärler. Olaryň kuwwatyny we welosipediň tizligini batlandyryjy tutawajy arkaly el bilen sazlaýarlar.
Elektrowelosipedleriň köpüsine öý şertlerinde zarýad ýberip bolýar. Onuň üçin 50-60 Wolt güýjenme we 30-40 Amper tok ýeterlik.
Maksat Gullyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Elektrotehnika we elektronika kafedrasynyň mugallymy