Drama eserlerini sahnada görkezmek sungatyna we şol eserleriň görkezilýän ýerine teatr diýilýär. Sungatyň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly teatrda hem, adatça aktýorlar ýa-da aktrisalar hakyky we hyýaly wakany janlandyrýarlar. Ýerine ýetirijiler bu tejribäni hereket, söz, aýdym-saz we tans arkaly tomaşaçylara ýetirýärler. Teatrlarda guralýan sahnalaryň has täsirli we şowhunly bolmagy üçin yşyklandyryşa hem aýratyn üns berilýär. Dünýäniň dürli ýerindäki teatrlarda şol ýurduň taryhy, däp-dessury, medeniýeti janlandyrylýar. Şeýle bolansoň, teatr binalarynyň hem owadanlygyna, taryhylygyna, ýerleşýän ýerine aýratyn üns berilýär. Dünýädäki käbir teatrlar bolsa has meşhur bolup, daşary ýurtly syýahatçylary hem özüne çekýär. Bilermenler teatrda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň şowhunlylygyny, teatryň binagärlik aýratynlygyny, içki bezegini we beýleki aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, sanaw taýýarlapdyrlar. Dünýäniň iň gowy teatrlarynyň sanawy teatr muşdaklary, syýahatçylar, sungaty öwrenijiler we beýleki adamlar üçin niýetlenilipdir. Golaýda taýýarlanan sanawa giren teatrlar baradaky gysgaça maglumatlary size ýetirýäris:
Tampa teatry, Florida (ABŞ)
1926-njy ýylda açylan bu teatr içerki bezegi bilen ünsi özüne çekýär. Tomaşaçylar zalynda äpet ýyldyzy döretmek üçin togsan çyra oturdylypdyr. Teatr «Paramount Pictures» kompaniýasy tarapyndan meşhur arhitektor Jon Ebersonyň taslamasy esasynda gurlupdyr. Häzirki wagtda bu teatrda her ýyl alty ýüzden gowrak çäre guralýar.
Minak teatry, Kornuoll (Angliýa)
Dünýä belli açyk howadaky teatrlaryň biri bolan Minak teatry häzirki wagtda hem işjeň ulanylýar. Minak Atlantik ummanynyň kenaryndaky beýik gaýada gurlan açyk howadaky teatrdyr. Teatryň ady «meynek» sözünden gelip çykyp, «uzak ýer» diýmegi aňladýar. Teatr Angliýanyň Kornuoll şäheriniň Portkarno obasynda ýerleşýär. «The Telegraph» gazetiniň habaryna görä, Minak dünýäniň iň ajaýyp teatrlarynyň sanawyna girýär. 1932-nji ýylyň awgust aýynda açylan teatrda maý aýyndan sentýabr aýyna çenli oýunlar goýulýar. Gurlan wagtyndan bäri Minak dünýäniň iň gowy teatrlarynyň hatarynda özüne orun tapdy.
Sidneý opera teatry, Sidneý (Awstraliýa)
Awstraliýa diýlende köp adamyň göz öňünde bu teatr şekili janlanýar. Sidneýiň opera teatry 1973-nji ýylda açylyp, onuň taslamasyny daniýaly binagär Ýorn Utson taýýarlaýar. Teatrdaky oýunlara tomaşa etmäge her ýylda iki million töweregi adam gelýär. Teatr 2007-nji ýylyň 28-nji iýunynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Teatro del Mondo, Wenesiýa (Italiýa)
Şäheriň merkezinde ýerleşýän Teatro del Mondo diň şekilli teatr bolup, beýikligi 25 metre ýetýär. Sekizburçluk şekilli dik binanyň gurluşygynda, esasan hem, agaçdan peýdalanylypdyr.
Gyş bagy, Toronto (Kanada)
«Elgin» we «Gyş bagy» teatrlary Kanadanyň Ontario welaýatynyň Toronto şäherindäki goşa teatrlardyr. Elgin teatry diýlip hem atlandyrylýan Gyş bagy 1913-nji ýylda gurlup, 1980-nji ýyllarda hem gaýtadan dikeldilipdir.