Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagy adamzat taryhyndaky möhüm açyşlaryň biri bolýar. Bu açyş beýleki açyşlaryň hem başlangyjy bolýar. Eýsem, elektrik toguny kim we haçan oýlap tapdyka?! Häzirki wagtda elektrik togy durmuşymyzyň bir bölegine öwrüldi. Adamlar gündelik durmuşynyň her ugrunda elektrik energiýasyny ulanýarlar. Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagyna degişli dürli çeşmelerde, dürli maglumatlar bar. Taryhy ýazgylarda elektrik toguny açan ilkinji adamyň Benjamin Franklindigi aýdylýar. Bu ugurdaky ilkinji synaglar Frankliniň ýaşap geçen döwründe geçirilipdir. Bu synaglaryň netijesinde elektrik bilen ýyldyrymyň arasyndaky baglanyşyk ýüze çykaryldy. Şeýle-de bolsa, elektrik togunyň oýlanyp tapylan döwri miladydan öňki 600-nji ýyllar hasaplanýar. Grekler ýelekli matalary sürtüp, güýçli agyrlyk güýjüni döredip, elektrik uçguny arkaly statik elektrik görnüşini döredipdirler. 1600-nji ýyllarda bolsa, iňlis fizigi Wilýam Gilbert käbir materiallaryň sürtülmegi netijesinde «güýji» kesgitläpdir. Birnäçe ýyldan soň, iňlis alymy Tomas Braun öz kitabynda ilkinji gezek elektrik sözüni ulanýar. 1752-nji ýylda Benjamin Franklin ýyldyrymdan ilkinji uçguny açar bilen «tutmagy» başardy.
Şeýle-de bolsa, käbir himiki maddalaryň netijesinde elektrik öndürmek ukyby 1800-nji ýylda italýan fizigi Alessandro Wolta tarapyndan döredildi.
Elektrik toguny oýlap tapyjy hökmünde kabul edilen iňlis fizigi Wilýam Gilbert bu reaksiýany latynça «elektrik» sözüne esaslanýan zatlaryň, elektrik sürtülmesi netijesinde ýüze çykýan güýç diýip kesgitledi.
Elektrik bilen yşyklandyrylan ilkinji ýaşaýyş meýdany Fransiýanyň Lion şäherindäki Imperator köçesidir. Imperator köçesi 1857-nji ýylda ark lampalary bilen yşyklandyryldy. 1878-nji ýylda bolsa, Fransiýanyň Pariž şäherindäki Opera köçesi yşyklandyryldy. Elektrik energiýasyny täjirçilik maksatly ulanmak 1882-nji ýylda «JPMorgan Chase» kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.
Dünýädäki ilkinji elektrik bekedi 1878-nji ýylda Angliýada meşhur fizik Wilýam Jorj Armstrong tarapyndan sungat galereýasyny ýagtylandyrylmak üçin guruldy. Ilkinji gidroelektrik stansiýasy 1881-nji ýylda ABŞ-nyň Niagara şaglawugynyň golaýynda «Şelkopf elektrik bekedi» ady bilen döredildi. Ilkinji elektrik ulgamy 1885-nji ýylda Şweýsariýada pes woltly we 1889-njy ýylda Italiýada ýokary woltly guruldy. «Pearl Street» elektrik bekedi 1882-nji ýylda Nýu-Ýorkda Tomas Edison tarapyndan açyldy. Bu bekediň 5 müň lampany ýakmaga mümkinçiligi bolupdyr.
Gurbangeldi Kulyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.