Katar 2022 Dünýä Kubogynyň maskoty, tumary Laib (La’eeb) diýlip atlandyrylýar. Ol arap dilinden terjime edilende, super ukyplary bolan oýunçy diýen manyny berýär. FIFA-nyň saýtynda bellenilişi ýaly, ol parallel älemden gelen we ony beýan edip bolmaýar. Laib baran ýerine şatlyk we ynam paýlaýar, ol juwan ruhly. Ak reňkli arap geýnüwli bu maskot çempionatyň dowamynda tutuş ýurtda hereketde bolar.