Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy. 2-nji aprel güni Maksatnama laýyklykda, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi.

Hanym Sawita Kowind özi üçin işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde bütin dünýäde şöhratlanan türkmen el haly sungatynyň ajaýyp nusgalary toplanan Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen-de tanyşdy. Myhman zenan paýtagtymyzda bolan mahaly «Gül zaman» toý mekanyna baryp gördi. Bu ýerde oňa milli tagamlar, şol sanda halkara güwänama eýe bolan “Talhan” nyşanly süýjülikler hödürlenildi. Şeýle hem toý mekanynda milli lybaslaryň görkezilişi boldy.

Agşamlyk hanym Sawita Kowind paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän kaşaň Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, paýtagtymyzyň özboluşly agşamky görnüşlerini synlady.