3-nji aprelde, ýurdumyzda ilkinji döwlet saparynda bolýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind öz maşgalasy Sawita Kowind bilen bilelikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy.
Belent mertebeli myhman ahalteke bedewleriniň iň naýbaşylaryny synlamak üçin ýörite niýetlenen ýere geçdi.
Ýörite meýdança ajaýyp ahalteke bedewleri çykarylyp başlandy. Olaryň her biriniň nesil ugry we gazanan netijeleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Bedewleriň seýkin ýöreýişleri, çeýeligi, özboluşly beden gurluşy, reňk aýratynlyklary olaryň özboluşly gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Hindistanyň Prezidenti bu ýerde atlaryň saklanylyşy, alnyp barylýan işleriň aýratynlygy we milli seýisçiligiň özboluşly usullary bilen gyzyklandy. Bu ýerde belent mertebeli myhmana we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryna dünýä nusgalyk bedewleri ösdürip ýetişdiren türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri barada gürrüň berildi. Ahalteke bedewi diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyk hökmünde ykrar edildi.
Soňra myhmanlaryň öňünde bütindünýä sirk sungaty festiwallarynda we abraýly halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňşi bilen belli bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Bu topar Russiýada, Italiýada, Ukrainada, Türkiýede, Belarusda, Hytaýda we beýleki ýurtlarda geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, örän çylşyrymly hem-de täsirli çykyşlary bilen tomaşaçylaryň söýgüsine we halkara baýraklara mynasyp boldy.
Aýratyn-da, bedewleriň sazyň owazy astynda eden özboluşly tanslary, atly ýigitleriň çylşyrymly hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bu ýerde guralan çäräniň täsirini artdyrdy.