2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

“Oguz han” köşkler toplumynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, onuň ýurdumyza bu saparyna däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

2022-nji ýyl Hindistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygyny baýram edýändigi bilen hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidentini we dostlukly döwletiň halkyny bu waka bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Ram Nath Kowind mähirli garşylandygy hem-de myhmansöýerligi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmäge dörän mümkinçilige tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň türkmen halkynyň döwlet Baştutanymyza bildirýän ägirt uly ynamynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Prezident Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň geçen ýyl bellenilen 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyny gazananyna şu ýyl 75 ýyl dolýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol özüniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesine gabat gelendigini uly buýsanç bilen nygtady.

Hindistan Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammiti geçirilip, onda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys wezipeleri kesgitlendi. Şu görnüşdäki sammit ýene-de geçiriler diýip, Prezident Ram Nath Kowind sözüni dowam etdi.

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýokary ösüş gazanandygyny belläp, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda Hindistan sanly ulgam, täze tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr.

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimize duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Hindistanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, şu gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şolarda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da biziň ýurtlarymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleri ýaly iri halkara taslamalara gatnaşyjylar bolup durýarlar.

Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowindi ýene bir gezek mähirli mübärekläp hem-de belent mertebeli myhmana ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň Baştutany bilen ilkinji duşuşygydygyny, munuň bolsa gepleşiklere aýratyn many-mazmun berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu gepleşikleriň netijeleriniň iki dostlukly halkyň hem-de döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine, ähli ugurlardaky özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda Hindistan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alşylýar. Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär.

Şeýle hem Bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasy kabul edildi.