“Barselona” ýeňlişi ýatdan çykardy

158
Barcelona's Spanish midfielder Pedri (C) celebrates scoring the opening goal during the Spanish League football match between FC Barcelona and Sevilla FC at the Camp Nou stadium in Barcelona on April 3, 2022. (Photo by LLUIS GENE / AFP) (Photo by LLUIS GENE/AFP via Getty Images)

Ispaniýanyň çempionaty La Ligada Barselona topary öz meýdançasynda Sewilýany 1-0 hasabynda ýeňdi. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 72-nji minutda owadan hereketlerden soň Pedri geçirdi. Bu ýeňişden soň 2-nji orna beýgelen Barselona sanawyň lideri Real Madridden 1 oýny kem 12 utuk yzda barýar. Barselona topary La Ligada 14 oýundan bäri ýeňilmän gelýär (10 ýeňiş, 4 deňlik). Olar çempionatyň tamamlanmagyna 8 tapgyr galanda, 2-nji ýere geçip, Real Madridiň ýalňyşaryna garaşyp başlady.

Benzema oýnasa ýeňiş gazanýar

La Ligada 30-njy tapgyrda Real Madrid myhmançylykda Seltany Karim Benzemanyň penaltiden geçiren 2 goly bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Madridiň beýleki bir topary, soňky çempion Atletiko Madrid hem ýeňişli ýörişini dowam etdirýär. Simeoneniň şägirtleri öz meýdançasynda Alawesi Žoao Feliks hem-de Luis Suaresiň hersiniň 2 goly bilen 4-1 hasabynda ýeňdi.