31-nji martda Dubaýda «Ekspo-2020» halkara sergisi öz işini tamamlady. Indiki «Ekspo-2025» halkara sergisiniň Osakada geçiriljekdigi sebäpli, çäräniň baýdagy ýaponiýaly wekillere dabara bilen gowşuryldy. Indi bu ýer iş merkezine we futuristik syýahatçylyk kwartalyna öwrüler. BAE-niň pawilýony bolsa bu ýeriň merkezi bolup galar.