OPEK+ ýurtlarynyň ministrler maslahatynda 2022-nji ýylyň maý aýynda nebit önümçiligini günde 432 000 barrele çenli ýokarlandyrmak kararyna gelindi. Bu barada duşuşykdan soň çap edilen beýanatda aýdylýar. Guramanyň indiki ýygnagy 5-nji maýda meýilleşdirilýär.