Gwatemalanyň günorta-günbatarynda Atitlan kölüniň aşagynda Maýýa medeniýetine degişli gadymy şäher tapyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu ýerde biziň eýýamymyzdan öň V asyrda oturymly ilatyň ýaşandygy bellenilýär. Adada ýerleşen şäher tektonik hadysalar sebäpli 20 metr çemesi suwuň aşagyna çöküpdir. Kölüň aşagyndaky wulkan kraterinde alymlar dini merkezleriň, ýaşaýyş jaýlaryň we beýleki desgalaryň galyndylaryny tapdylar. Alymlaryň pikirine görä, şäheriň eýeleýän meýdany 60 müň inedördül kilometre deňdir. Geljekde Atitlan kölüniň kenarynda muzeý döretmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde gadymy şäheriň sanly nusgalary ýerleşdirilip, Maýýa medeniýeti barada maglumat berler.
Maýýa medeniýeti Merkezi Amerikada dörän gadymy medeniýetleriň biridir.
Gülzada ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.