«Audi» kompaniýasy Niderlandlar Patyşalygynda dizel bilen işleýän awtoulag satuwyny bes etdi. Dizel hereketlendirijili awtoulaglar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde meşhur bolsa-da, Niderlandlarda beýle däl. Ýurtda bu ulaglara gyzyklanmanyň ýoklugy, «Audi» brendiniň şeýle karara gelmegine sebäp bolupdyr.
Soňky ýyllarda ýewropalylaryň awtoulag islegleri ep-esli üýtgedi. Awtoulag söýüjileri indi dizel modelleriniň ýerine zarýad berilýän gibrid we elektroulaglara köpräk gyzyklanma bildirýärler. «Audi» kompaniýasy Niderlandlarda zarýad berilýän gibrid ulaglaryň satuwyna has köp üns bermegi meýilleşdirýär.
Aknur GÜLMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.