Beýik Britaniýanyň Bristol uniwersitetiniň hünärmenleri emeli barmak döretdiler. Ol emeli deriden ybarat bolup, «duýuş» mümkinçiliklerine eýedir. Bu emeli protez 3D printerinde çap edildi. Barmak ýörite sensorlar arkaly dürli signallary kabul edýär. Bu signallar adamyň beýnisindäki dürli signallar bolup durýar. Geçirilen synaglarda barmagyň duýgurlygy barlandy we oňyn netijeler gazanyldy. Häzirki wagtda alymlar has ýuka emeli derini öndürmegiň üstünde işleýärler. Ony mümkingadar adaty derä meňzetmek maksat edinilýär. Şeýlelikde, geljekde «janly» protezleri döredip, dürli amallary ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.
Merdan SEÝITLIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.