Angliýada geçiriljek synagyň çäklerinde 60 kompaniýanyň we edara-kärhananyň işgärleri iýundan başlap, 6 aý hepdede dört gün işlärler. Synag maksady bilen geçirilýän çärä 3 müň töweregi işgär gatnaşar. Çäre 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda tamamlanandan soňra Kembrij, Oksford uniwersitetleriniň we Boston kollejiniň bilermenleri tarapyndan seljeriler. Çärä gatnaşýanlaryň iş güni azaldylsa-da zähmet haklary üýtgemez. Şeýle-de bolsa, işgärlerden 5 günde edýän işi talap ediler.
Bu synag Irlandiýada, ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada hem birwagtda geçiriler.
Mundan ozal şeýle synag Islandiýada geçirilipdi. Ýurduň paýtagty Reýkýawikde geçirilen bu synaga 2 müň 500-den gowrak işgär gatnaşypdy. Şol synagyň örän şowly netije berendigi, işgärleriniň arasynda ruhuçökgünligiň azalandygy, önümçiligiň ýokarlanandygy, ýerine ýetirilýän işiň hiliniň peselmändigi anyklanypdy. Şondan soňra ýurtda iş sagatlary üýtgedilipdi.
“Covid-19” pandemiýasy bolsa, uzakdan işlemekde täze çözgütleriň orta atylmagyna sebäp bolupdy.
Jeýhun Geldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy