Ispaniýanyň syýahatçylyk şäherleriniň biri bolan Barselonada suwa düşülýän deňiz kenarlarynda çilim çekmek çäklendirildi. Bu düzgüni şäheriň ýerli häkimiýetiniň mejlisi girizdi. Şäher häkimliginiň Howa we ekologiýa boýunça ýolbaşçysy Eloý Badýa iýul aýyndan başlap, 100 kilometre barabar bolan deňiz kenaryndaky ähli suwa düşülýän ýerlerde çilim çekmegiň gadagan ediljekdigini aýtdy. Badýa bu çäklendirme bilen bagly 2021-nji ýylda 10 plýažda synag geçirendiklerini we alnan oňyn netijeler sebäpli bu düzgüni ähli ýerde ýola goýmak kararyna gelendiklerini belledi. Onuň sözlerine görä, biriniň çilim çekmegi golaýyndaky adamlara hem zeper ýetirýär. Şeýle hem çilim zyňyndylary toprakda on ýyla çenli çüýremän saklanýar.
Seýitguly Nurnazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.