Bişkek şäherinde Kolumbiýanyň dünýä belli aýdymçysy Şakiranyň konsertini gurnamak boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Munuň özi ýurtda halkara derejeli medeni çäreleri geçirmek babatda möhüm ädim bolup durýandygyny görkezýär.
Duşuşyklaryň we maslahatlaşmalaryň netijesinde, bu uly konserti noýabr aýynda ýurduň iň iri sport desgalarynyň biri bolan täze «Bişkek-Arena» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda taraplar guramaçylyk meselelerini hem-de çäräniň takyk senesini ylalaşýarlar.
«Bişkek-Arena» stadiony FIFA-nyň standartlaryna laýyklykda gurlup, 51 müň tomaşaça niýetlenendir. Bu desgada ilkinji iri çäre 31 awgustda Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy.
2000-nji ýyllaryň başynda giň meşhurlyga eýe bolan Şakira «Whenever, Wherever», «Hips Don’t Lie», “This Time for Africa” ýaly dünýä belli aýdymlaryň ýerine ýetirijisidir. Aýdymçy birnäçe gezek «Grammi» we «Latin Grammi» baýraklaryna mynasyp boldy.
Häzirki wagtda çäräniň petekleriniň bahasy, olaryň satuwa çykjak wagty hem-de bu çäräniň aýdymçynyň halkara turynyň bir bölegine öwrüljekdigi baradaky maglumatlar anyklanylýar. Mundan başga-da, sungat ussadynyň Alma-Ata şäherinde hem çykyş etmegine garaşylýar.
PDF








