Birnäçe ýyllardan bäri awtoulag öndürýän kompaniýalar dünýädäki elektroulag bazarynda has köp paý almak üçin täze modellerini satuwa çykarýar. Germaniýanyň “Mercedes-Benz” kompaniýasy hem jip görnüşli täze elektroulagyny köpçülige görkezdi. Ulagy islegiňe görä, 5 ýa-da 7 orunlyk edip bolýar. Kuwwatly ulag ýolsuz ýerde sürlende hem päsegelçiliksiz hereket edýär. Ulagyň uzynlygy 5125 mm, giňligi 1959 mm we 1718 mm. Ulag kompaniýanyň “EQS Sedan” görnüşine meňzeş bolup, beýikligi bilen tapawutlanýar. Ulagyň hereketlendirijisiniň kuwwaty babatda üç görnüşi bar. Olaryň birinde elektrik energiýasy bilen işleýän, yz tarapynda ýerleşdirilen bir motor bar. Beýleki ikisi bolsa, iki hereketlendiriji bolup, dört tigri birbada aýlanýar. Ulagyň elektrik energiýasynyny üpjün edýän batareýasy aşagynda ýerleşdirilipdir. Ulagyň birinji nusgasy bir gezekki zarýady bilen 536 – 660 kilometr aralygynda, beýleki iki nusgasy 507 – 613 kilometr aralygynda ýol geçip bilýär.
Kemal Mämmedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby