Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  Aşgabat — Mary ýolunyň kesgitlenen bölegi boýunça uzak aralyga atly ýöriş geçirildi.

60 kilometr aralygy geçmek ugrunda badalga berlen ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň atlary gatnaşdylar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga guralan atly ýörişde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan bedewler öňdeligi eýelediler. O.Annaýewiň çapyksuwarlyk eden Meşhur atly dor aty pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Ol bellenen aralygy 2 sagat 41 minut 58 sekuntda geçdi. Pellehana ikinji bolup gelen Garaduman atly gara bedew (çapyksuwary M.Meläýew) bellenen aralygy 2 sagat 42 minut 23 sekuntda geçdi. Ady agzalan toplumyň Gaýduw atly gara bedewi (çapyksuwary T.Babaýew) pellehanadan üçünji bolup geçmegiň hötdesinden geldi. Ol bellenen 60 kilometr aralygy 2 sagat 44 minut 46 sekuntda geçdi.