Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy hasaplanýan behişdi ahalteke bedewlerimiziň baýramçylygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Mejlisler zalynda guralan maslahat «Atda wepa-da bar, sapa-da» ady bilen guraldy.
Professor mugallymlaryň, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenleriň çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Olar türkmen bedewine häzirki döwürde goýulýan sarpa, olaryň arassa tohumyny nesilden-nesile geçirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň berildi.
Dabara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Sagdyn nesiller” aýdym saz toparynyň çykyşlary bilen tamamlandy.