Germaniýanyň Kubogy (DFP Pokal) ýaryşynda ilkinji ýarym finalçy belli boldy. Myhmançylykda 2-nji ligada çykyş edýän “Hamburg” toparyny 3-1 hasabynda ýeňen “Fraýburg” finalda oýnamaga hukuk gazandy. Duşuşykda gollarynyň baryny 1-nji ýarymda geçiren “Fraýburgyň” adyndan Petersen (11) Höfler (17) hem-de Grifo (35 p) tapawutlandy. “Hamburgyň” ýeke-täk goluny 88-nji minutda Glatsel geçirdi. Şeýlelikde, “Fraýburg” topary 118 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda finala çykdy. Onuň finaldaky garşydaşy şu gijeki “Leipsig” – “Union Berlin duşuşygyndan soň belli bolar.