Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.

Myhmanhananyň esasy girelgesinde ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatlar zalyna gelip, hemmeleri şu günki çäräniň açylmagy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady hem-de mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Gün tertibine Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde duran möhüm wezipeleri anyklaşdyrmak,  onuň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, assosiasiýanyň düzümine täze agzalary kabul etmek hem-de guramaçylyk bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek we olaryň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakyndaky giňişleýin çykyşy tamamlanandan soňra, assosiasiýanyň dünýä döwletlerinde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Soňra mejlisiň gün tertibine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi. Mejlisiň ahyrynda guramaçylyk meseleleri bilen bagly resminamalaryň hem birnäçesi tassyklanyldy.