Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagy ugrunda uly aladalar edilýär. «Döwlet adam üçindir!» şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy ileri tutulýаn ugurdyr. Milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň uly üstünlikleriniň hatarynda ykrar edildi.
Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmegi akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we zähmeti, hut milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amal edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.
Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de saglygy goraýyş desgalary gurulýar.
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, dogry iýmitlenmegiň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Bularyň ählisi döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF we beýleki guramalar tarapyndan ykrar edilen oýlanyşykly hem-de durmuş ugurly syýasatynyň anyk netijeleridir. Bu düzümler bilen işjeň we önjeýli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarydyr ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklar alnyp barylýar.
Ýurdumyzda adam saglygynyň ýokarda tutulýandygynyň ýene-de bir subutnamasynyň şaýady bolduk. Geçen hepde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Bu ýurduň çägindäki, şol sanda Balkan welaýatyndaky iň döwrebap hassahanalaryň biri bolup durýar. Ol dünýäniň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary we tilsimatlar bilen üpjün edilip, munuň özi geljekde ýurduň raýatlarynyň, şol sanda çagalaryň saglygyny goramaga-da aýratyn goşant bolar.
Şunuň ýaly täze lukmançylyk merkezleriniň diňe bir ýurdumyzyň paýtagtynda däl, eýsem, welaýatlarda hem açylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi döwletimiziň ilatymyzyň saglygy hakynda aladasynyň, raýatlara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýurdumyzyň ähli künjeginde elýeterlidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň pähim eleginden geçen aýtgylarda nygtalyşy ýaly, bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysy saglyk bilen baglydyr. Ynsanyň saglygy onuň iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine täsir edýän ençeme görkezijileri özünde jemleýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, ilatyň jan saglygy, ilkinji nobatda, ýurtda alnyp barylýan ykdysady syýasata öz täsirini ýetirýär, adam maýasy ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny herekete getirmekde, öşüşi çaltlandyrmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalary dolandyrmakda we durnukly ykdysady, durmuş ýagdaýlaryny emele getirmekde aýratyn hyzmaty ýerine ýetirýär. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen «Gün tertibi – 2030-yň» 3-nji maksady «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek» diýlip atlandyrylýar.
Arçmanberdi ÝAZYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.