Şu hep­dä­niň ahy­ryn­da Sa­turn, Mars, We­ne­ra we Ýu­pi­ter pla­ne­ta­la­ry bi­ri-bir­le­ri­niň de­ňin­de du­rar­lar. Seý­rek bol­ýan bu kos­mi­ki ha­dy­sa 23-nji ap­relde Aý hem go­şu­lar. Oňa to­ma­şa et­mek üçin ir sa­gat 5 bi­len 6 ara­ly­gy­nyň amat­ly bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Mer­ku­riý pla­ne­ta­sy bol­sa 24-nji ap­rel­de beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­niň dü­zü­len ha­ta­ry­na go­şu­lar. As­lyn­da, bu pla­ne­ta­lar Gü­nüň or­bi­ta­syn­da ha­ta­ra dü­zül­me­ýär­ler. Em­ma Ýer­den se­re­di­len­de bir ha­tar­da ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär­ler. Ho­wa­nyň açyk bo­lan ýag­da­ýyn­da bu ha­dy­sa­ny göz bi­len hem gö­rüp bol­jak­dy­gy­ny, has go­wy gör­mek üçin dür­bi ýa-da ki­çi­räk te­les­kop ulan­ma­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ýu­pi­ter Ýe­re has ýa­kyn du­rar. On­dan soň­ra We­ne­ra, Mars we Sa­turn gör­ner. Mun­dan ozal 2020-nji ýyl­da Sa­turn, Ýu­pi­ter, Mars we We­ne­ra şeý­le ýag­daý­da gör­nüp­di. Ola­ryň ara­syn­da We­ne­ra has ýag­ty bo­lup gör­ner.

Ma­ýa MI­SE­KO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.