Ýewropa Parlamentiniň geňeşi Bileleşige agza ýurtlarda satylýan smartfon, planşet we kamera ýaly elektron enjamlarda «USB-C» zarýad girişiniň bolmagy üçin tagalla edýär. Ýewropa Parlamentiniň içerki bazar we sarp edijileri goramak geňeşi kiçi elektron enjamlaryň zarýad ulgamynyň birmeňzeş bolmagy üçin düzgünnama taýýarlaýar. «Akylly» sagat we goşarlyk ýaly has kiçi enjamlara bu düzgün degişli bolmaz. Bilermenler bu düzgüniň elektron enjamlarynyň zyňyndylaryny azaltjakdygyny belleýärler. Bu kanun teklibi doly taýýar edilenden soňra Ýewropa Parlamentinde sese goýlar. Soňra bolsa, agza ýurtlar bilen maslahatlaşylar.
Häzirki wagtda «Android» enjamlaryň köpüsinde we beýleki ululy-kiçili enjamlarda «USB-C» zarýad girişi ulanylýar. Esasan, «Apple» kompaniýasynyň elektron enjamlarynda özbaşdak zarýad beriş ulgamy bar. Bu kompaniýa smartfonlarynda, planşetlerinde we gulaklyklarynda «lightning» atly ulgamdan peýdalanýar. Şeýle-de bolsa, täze «iPad» we ýankompýuterlerinde «USB-C» girişi oturdylýar. Birmeňzeş zarýad berijiniň köp enjamda ulanylyp bilinmegi her enjam üçin aýratyn zarýad beriji almak zerurlygyny aradan aýrar. Şol sebäpli, bu ýagdaý hem sarp edijiler üçin, hem-de daşky gurşawyň goralmagy üçin ähmiýetli hasaplanýar.
Aýna DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.