Her ýylyň 22-nji apreli «Halkara Ýer güni» hökmünde giňden bellenilýär. Bu sene 2009-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde agza ýurtlaryň 50-den gowragynyň awtordaşlyk etmeginde döredildi. Bu günüň bellenilmegi Ýer şarynyň ähli künjeginde ýaşaýan her bir adama, umumy öýümize minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik berýär. Bu global hereketiň esasy maksady, jemgyýetiň we Ýer ýüzündäki her bir adamyň ünsüni Ýeriň, daşky gurşawyň meselelerine çekmek we adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini öwrenmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr. Bu güni bellemek däbi, ABŞ-da 1970-nji ýylda başlap, 1990-njy ýyldan has giň gerime eýe boldy. Mundan başga-da, her ýylyň şol güni belli bir mowzuga bagyşlanýar. Her ýyl dünýäniň dürli künjeginden alymlar global daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoluň başyna ýygnanýarlar. Dürli ýurtlarda belli bir mowzuga bagyşlanan dürli çäreler we mahabat çäreleri geçirilýär. Şol gün her bir adam öz daş-töweregini, köçelerini abadanlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.
Ogulgerek BEGLEKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.