Ilon Maskyň eýeçilik edýän “The Boring Company” şereketiniň hyzmatdaşlyga gol çekmegi bilen bazar bahasy 5,7 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, belli işewüriň eýeçilik edýän 5-nji kompaniýasy “unicorn” derejesine eýe boldy. Bu kompaniýa awtoulaglary ýörite tuneller arkaly gysga wagtda uzak aralyga daşap, ýol dyknyşygynyň öňüni almaga degişli taslamalary taýýarlaýar. Kompaniýanyň Las-Wegasda guran şeýle ýerasty tuneli häzirki wagtda hereket edýär. Uzynlygy 1,6 kilometre barabar bolan tunel “Tesla” ulaglaryna hyzmat edýär. Kompaniýanyň uzynlygy 46 kilometr barabar bolan 51 beketli  ýerasty tuneli gurmagy maksat edinýär.

Ilon Maskyň eýeçilik edýän kompaniýalarynyň gymmaty: “Tesla” 1 trillion dollardan gowrak, “SpaceX” 100 milliard dollaradan gowrak, “Ther Boring Company” 5,7 milliard dollar, “Solar City” 2,6 milliard dollar we “Neurolink” 1 milliard dollar.

Bazar bahasy 1 milliard dollardan geçýän kompaniýalara “Unicorn” diýilýär.

 Nurmämmet Saparow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby