“Lonestar Data Holdings” atly kompaniýa Aýyň ýüzünde synag maksady bilen maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bar bolan maglumat merkezlerini sowatmak üçin köp mukdarda energiýa zerurlyk duýulýar. Şeýle hem olaryň tebigy hadysalardan berk goragly bolmagyny hem üpjün etmeli bolýar. “Bulut” tehnologiýasyny işläp taýýarlaýan “Lonestar Data Holdings” kiçi göwrümli maglumat merkezini geljek ýyl Aýa goýberer. Merkezi edarasy Floridada ýerleşýän kompaniýa gerekli enjamlary Aýa uçurmak üçin ýer hem belledipdir. Kompaniýa Aýda maglumat merkezleriniň toruny gurmak isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Stottyň sözlerine görä, Aýda maglumat merkezini gurmak Ýerdäkilerden birneme gymmada düşýän hem bolsa, ony dolandyrmak arzan bolýar, az energiýa talap edýär.

Mylaýym Gurbanmyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby