2010-njy ýyldan bäri bellenilýän bu sene BMG-niň Jemgyýetçilik maglumatlar bölümi tarapyndan döredilýär. Bu senäniň döredilmeginiň maksady halkara gatnaşyklarynda köp gepleşilýän iňlis diliniň ähmiýetine düşünmäge jemgyýetçiligi habarly etmekdir. Iňlis dili gününiň bu günde bellenilmegi dünýä belli iňlis ýazyjysy, meşhur dramaturgy William Şekspiriň doglan güni bilen baglanyşyklydyr. “Romeo we Julietta”, “Hamlet” ýaly meşhur eserleriň awtory Şekspir 1564-nji ýylyň 23-nji aprelinde dogulýar. Şeýlelik bilen beýik ýazyjynyň eserlerini söýüjiler bu günde şahyryň eserlerini asyl nusgasynda, ýagny iňlis dilinde okamaklygy özboluşly däp hasaplaýarlar. Häzirki wagtda iňlis dili dünýä dili hasaplanylýar. Ýer ýüzünde 1 milliard töweregi adam iňlis dilinde gepläp bilýär. Bu dilde gepleýän adamlaryň agramly bölegi Angliýada, Awstraliýada, ABŞ-da, Irlandiýada, Täze Zelandiýada, Kanadada ýaşaýar. Bu möhüm günde BMG-niň çäginde, şol sanda beýleki ýerlerde dürli konferensiýalar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, sergiler, täsirli bäsleşikler, iňlis dili we medeniýeti bilen tanyşmaga ýardam edýän dil taýýarlygy sapaklary geçirilýär.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby