“SpaceX” we “Tesla” ýaly iri kompaniýalara ýolbaşçylyk edýän belli işewür Ilon Mask jemgyýetçilik tory platformasy “Twitter”-i 44 milliard dollara satyn almak üçin ylalaşdy. “Twitter”-iň ýaýradan beýanatynda kompaniýanyň her bir paýnamasynyň 54,2 dollara Maska satylmagy babatda ylalaşyk gazanylandygy mälim edildi. Şeýle hem bu amal ýerine ýetirilenden soňra “Twitter”-iň aýratyn kompaniýa öwrüljekdigi aýdyldy.
Belli işewür Mask bolsa, “Twitter”-i hemişekisinden has gowy ýagdaýa eltmek isleýändigini aýdyp, platformanyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny, ony ýüze çykarmak üçin kompaniýa hem-de ulanyjylar bilen bilelikde işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.