Kosmos giňişligini Ýerdäki antennalar arkaly däl-de, kosmos giňişliginde hereket edýän teleskoplar arkaly öwrenmek maksady bilen döredilen Habbl teleskopynyň uçurylanyna 32 ýyl boldy. Amerikaly astronom Edwin Habblyň adyny göterýän bu kosmos enjamy 1990-njy ýylyň aprelinde “Discovery” kosmos gämisi arkaly orbita ýerleşdirildi. Bu uly teleskop NASA we Ýewropa Kosmos agentligi (ESA) bilen bilelikde taýýarlandy. Teleskop NASA-nyň beýleki birnäçe obserwatoriýalarynyň birine öwrüldi.
Aslynda, kosmos teleskopyny döretmek pikiri geçen asyryň 20-nji ýyllarynda orta atyldy. Habble teleskopy 1983-nji ýylda uçurylmalydy. Emma dürli sebäplere görä, yza süýşürildi. Teleskop orbita ýerleşdirilenden soňra onuň aýnasyny nädogry ýere berkidilendigi anyklandy. 1993-nji ýylda ol düzeldildi. Şeýlelikde, asman giňişligini has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik döredi. Kosmos teleskopyna yzygiderli tehniki ideg edilýär. Wagtal-wagtal onuň könelişen enjamlaryny täzeleri bilen çalşylýar.
Geçen ýylyň ahyrynda Jeýms Webiň adyny göterýän has ösen täze teleskop uçurylan hem bolsa, Habblyň ulanylmagy dowam etdirilýär.
Sähra Hanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby